“Türkiýäni Doganlyk Ýurt Hökmünde Görýäris”

Günorta Koreýanyň döwlet Ýolbaşçysy, ýer titremelerinden soň Türkiýede gözleg we halas ediş işlerine gatnaşan topary kabul etdi

1956208
“Türkiýäni Doganlyk Ýurt Hökmünde Görýäris”

Günorta Koreýanyň döwlet Ýolbaşçysy Ýun Sukol Türkiýäni doganlyk ýurt hökmünde görýändiklerini aýtdy.

Günorta Koreýanyň Ankaradaky ilçihanasy tarapyndan berlen ýazmaça beýannama görä, Günorta Koreýanyň döwlet Ýolbaşçysy, 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinden soň Türkiýede gözleg we halas ediş işlerine gatnaşan Koreýa tebigi apatlara garşy göreş toparyny kabul etdi.

Ýun gözleg we halas ediş toparynyň agzalary bilen bolan duşuşygynda eden çykyşynda “Türkiýedäki ýer titremelerinden soň görkezilen arkalaşyk ruhy, Koreýa bilen Türkiýäniň agyr günlerinde biri birine ýardam berýän hakyky dostlardygyny ýene-de bir gezek ýatlatdy. Ýer sarsgynlarynyň we agyr gyş şertleriniň dowam eden günlerinde uly işleri durmuşa geçirendigiňiz üçin size minnetdarlyk bildirýärin” diýdi.

Ýer titremeleriniň başdan geçirlen sebitleriniň ýaňadandan dikeldilmegi üçin kömek bermäge dowam etjekdiklerini nygtan Ýun, hökümet we hususy pudak hökmünde wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy üçin 10 million dollarlyk kömek berjekdiklerini ýatlatdy.

Ýun Türkiýä 250 konteýner berjekdiklerini belledi.

Ýer titremeleriniň yzy ýanyndan 8-nji fewralda Türkiýä gelen 121 adamlyk Koreýa tebigi apatlara garşy göreş topary Hataýda 8 adam harabalygyň aşagyndan diri çykarypdy, 19 adamyň hem jesedini tapypdy.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar