Zelenskiý Harby Ýolbaşçylar Bilen Duşuşdy

Duşuşykda Bahmutdaky ýagdaý giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

1955653
Zelenskiý Harby Ýolbaşçylar Bilen Duşuşdy

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, front liniýasynda başdan geçirilýän soňky wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin harby ýolbaşçylar bilen duşuşdy.

Mesele hakynda berlen beýannamada güýç serkerdeleriniň front liniýasyndaky ýagdaý hakynda prezidente maglumat berendigi nygtaldy.

Duşuşykda Bahmutdaky ýagdaý giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda şeýle hem goranyş operasiýasynyň dowam etdirilmegi we Bahmutdaky harby toparyň güýçlendirilmegi meselesi hakynda pikir alyşyldy.

Bahmut şäheri, Donesk we Lugansk sebitleriniň arasynda ýerleşýär. Ukrainanyň gözegçiligi astynda bolan şäher üçin çaknyşyklar dowam edýär.

Ukrainanyň Goranmak ministrligi ýaňy ýakynda beren habarnamasynda, rus güýçleriniň Bahmut şäherini gabaw astyna almaga çalyşýandygy nygtalypdy.

2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndan bäri Ukrainanyň goşuny bilen söweşýän rus güýçleri heniz Bahmut şäherini ele geçirip bilmedi

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar