Ysraýylda kiçi uçaryň ýere gaçmagy netijesinde iki adam ýogaldy
Wakada uçaryň içindäki 2 adamyň ýogalandygy habar berildi
1954848
Ysraýylyň günortasynda adatdan daşary ýagdaý sebäpli ýere gonmaga synanyşan kiçi uçaryň ýoluň üstüne gaçmagy netijesinde 2 adam ýogaldy.
Ysraýylyň günortasynda ýerleşýän Nejef çölündäki Beersheba şäheriniň golaýynda adatdan daşary ýagdaýda gonmaga synanyşan kiçiräk bir uçar ýoluň üstüne gaçdy.
Uçar ýere gaçanyndan soň ýanmaga başlady, wakanyň bolan ýerine saglygy goraýyş we ýangyn söndüriji topar ugradyldy.
Wakada uçaryň içindäki 2 adamyň ýogalandygy habar berildi.
Degişli Habarlar
![“2022-nji Ýyldan Bäri Russiýaly 350 Müň Esger Ýogaldy ýada Ýaralandy”](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/034a/30ce/e390/666adc951ace0.jpg?time=1718345723)
“2022-nji Ýyldan Bäri Russiýaly 350 Müň Esger Ýogaldy ýada Ýaralandy”
Ostin, Ukrainada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda durup geçdi.
![Gazada 330 müň tonna zir-zibil üýşdi](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/f144/dec0/a285/666aa4396577c.jpg?time=1718345723)
Gazada 330 müň tonna zir-zibil üýşdi
Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri gyrgynçylyk edýän Gazada 330 müň tonna zir-zibil üýşdi.