Nigeriýada nebiti gaýtadan işleýän zawotda partlama boldy

Nigeriýanyň günortasyndaky Riwers ştatynda düýn bikanun ýagdaýda işledilen nebiti gaýtadan işleýän zawotda bolan partlamada 12 adam ýogaldy

1954865
Nigeriýada nebiti gaýtadan işleýän zawotda partlama boldy

Riwers ştatynyň Polisiýa gullugynyň metbugat geňeşçisi Greýs Irindž Koko düýn ştatyň Rumuekpe sebitindäki bikanun ýagdaýda işledilen nebiti gaýtadan işleýän zawotda bolan partlamadan soň derňew işiniň başladylandygyny habar berdi. 

Greýs Irindž Koko: "Partlamada 12 adamyň ýanyp ýogalandygy anyklandy. Ýogalan adamlaryň şahsyýetleri entek anyklanmady" diýip belledi. 

Sebitde derňew işiniň dowam edýändigini aýdan Greýs Irindž Koko ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirýändiklerini mälim etdi. 

Riwers ştatynda bikanun ýagdaýda işledilen nebiti gaýtadan işleýän zawotda nebit ýüklenen ulagyň ýanmagy netijesinde partlama bolupdy. 

Afrika materiginiň nebit we tebigy gaz taýdan baý bolan ýurdy Nigeriýada hökümediň edýän tagallalaryna garamazdan bikanun ýagdaýda işledilen nebiti gaýtadan işleýän zawodlar bar. 


Etiketkalar: #partlama , #nebit , #Nigeriýa

Degişli Habarlar