Indoneziýada ýangyç ammarynda ýangyn boldy

Indoneziýanyň paýtagty Jakarta şäherinde ýangyç ammarynda bolan ýangynda 17 adam ýogaldy

1954780
Indoneziýada ýangyç ammarynda ýangyn boldy

Indoneziýanyň döwlet energetika kärhanasy Pertaminanyň paýtagt Jakarta şäherindäki ýangyç ammarynda ýangyn ýüze çykdy. 

Wakanyň bolan ýerine köp sanda ýangyn söndüriji topar gönükdirildi, ýerli wagt bilen sagat 20:00-da başlan ýangynyň golaýdaky binalara ýaýramagyndan soň sebitdäki müňlerçe adam howpsuz ýerlere ewakuasiýa edildi. 

Resmiler wakada 2-si çaga 17 adamyň ýogalandygyny, 50 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdiler. 

Pertamina tarapyndan berilen beýanatda bolsa wakanyň näme sebäpli ýüze çykandygynyň derňelýändigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar