Russiýa-Ukraina Söweşi Dowam Edýär

Russiýa, Ukrainanyň harby goşunyna degişli razwetka we operasiýa merkezini nyşana alandyklaryny mälim etdi.

1952364
Russiýa-Ukraina Söweşi Dowam Edýär

Russiýanyň Goranmak ministrligi, Ukrainanyň harby goşunyna degişli razwetka we operasiýa merkezini nyşana alandyklaryny mälim etdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, rus güýçleriniň Ukrainada guraýan hüjümlerini dowam etdirýändigini mälim etdi.

Russiýanyň ýaragly güýçleriniň, Ukrainanyň harby goşunyna degişli harby we tehniki merkezleri nyşana alandygyny ýatladan Konaşenkow, “Kiýewiň Browari etrapçasynda Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň elektroniki razwetka merkezi ýok edildi. Hmelnitski şäheriniň golaýynda hem “Günbatar” operasiýa merkezi hatardan çykaryldy” diýildi.

Konaşenkow, 1 ýyldan bäri dowam edýän söweşde Ukrainanyň harby goşunyna degişli 390 uçary, 211 dikuçary, 3 müň 248 uçarmansyz howa ulagnyy, 406 howa goranyş raketa ulgamyny, 8 müň 58 tank we sowutly ulagy, 4 müň 228 gaubisany we 8 müň 574 sany harby ulagy hatardan çykarandyklaryny belledi.

Ukrainanyň Baş ştaby bolsa Russiýanyň 5 ýerde 81 hüjüminiň yzyna serpikdirlendigini mälim etdi.

Baş ştabdan berlen beýannamada mundan başgada “Duşman, döwletimiziň infsttukturasyny ýok etmek isleýär. Hüjümleri dowam edýär, agyr ýaraglar bilen infsttukturany we ýaşaýyş jaýlaryny nyşana alýar” diýildi.

Beýannamada, Russiýanyň S-25 kysymly harby uçarynyň urlup düşürlendigi nygtaldy.

 

 

 


Etiketkalar: #söweş , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar