“Ukraina, Asla Russiýa Üçin Ýeňiş Bolmaz”

Baýden, ABŞ-nyň Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady.

1951451
“Ukraina, Asla Russiýa Üçin Ýeňiş Bolmaz”

 

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden “Ukraina, asla Russiýa üçin ýeňiş bolmaz”diýdi.

Baýden 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda başlan Russiýa-Ukraina söweşiniň birinji ýylynda Twitterden beren habarnamasynda, ABŞ-nyň Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady.

Baýden “Bir imperatorlugy ýaňadandan gurmagy maksat edinen diktator, halkyň azatlyk söýgüsini asla ýok edip bilmez” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Baýden, “Ukraina, asla Russiýa üçin ýeňiş bolmaz”diýdi.

Söweşiň birinji ýylynda Ukrainanyň henizem garaşsyz we özbaşdakdygyna ünsi çeken Baýden, Hersondan Harkowa çenli ukrainalylaryň territoriasyny yzyna alandygyny nygtady.

Beýleki tarapdan Ak Tam, Russiýa-Ukraina söweşiniň birinji ýylynda Russiýa goýuljak sanksiýalar we Ukraina beriljek ýardamlar hakynda habarnama berdi.

Habarnamada, söweş sebäpli Russiýanyň esasy pudaklaryna giň gerimli sanksiýa goýuljakdygy, Russiýa goldaw berýän Ýewropadaky, Aziýadaky we Ýakyn Gündogardaky üçünji ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen birlikde 200-den gowrak adama we gurama sanksiýa goýuljakdygy ýatladyldy.

 

 

 



Degişli Habarlar