G-7-ä Agza Ýurtlar 2023 Üçin Ýyl Üçin Ukraina 39 Milliard Dollarlyk Kömek Berer

G-7-a agza ýurtlaryň maliýe ministrleri Hindistanyň Bengaluru şäherinde maslahat geçirdi.

1950812
G-7-ä Agza Ýurtlar 2023 Üçin Ýyl Üçin Ukraina 39 Milliard Dollarlyk Kömek Berer

G-7-ä agza ýurtlaryň maliýe ministrleri,  2023-nji ýyl üçin Ukraina 39 milliard dollarlyk kömek beriljekdigini mälim etdi.

ABŞ-dan, Germaniýadan, Britaniýadan, Kanadadan, Fransiýadan, Italiýadan we Ýaponiýadan ybarat G-7-a agza ýurtlaryň maliýe ministrleri we merkezi banklaryň başlyklary Hindistanyň Bengaluru şäherinde maslahat geçirdi.

Maslahatdan soň berlen bilelikdäki beýannamada, Türkiýede we Siriýada uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan ýer titremelerine uly gynanç bildirildi. Ýer titremeleri zerarly ejir çeken halka berilýän ynsanperwer kömeginiň dowam etjekdigi nygtaldy.

Beýannamada, Russiýa-Ukraina söweşiniň birinji ýylynda, söweş we Russiýanyň azygy we enegetikany ýarag ýagdaýyna getirendigi sebäpli emele gelen ykdysady kynçylyklaryň halkara derejesinde hyzmatdaşlyk edilmegi bilen çözüljekdigi bellenildi.

Beýannamada, Ukrainanyň hökümetine 2023-nji ýyl üçin beriljek ykdysady kömegiň 39 milliard dollara çykarlandyğy ýatladyldy.

 

 

 



Degişli Habarlar