Türkiýedäki we Siriýadaky Halas Ediş Işleri Azaldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus hepdelik metbugat ýygnagyny geçirdi.

1950375
Türkiýedäki we Siriýadaky Halas Ediş Işleri Azaldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus 6-njy fewralda merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerden soň Türkiýedäki we Siriýadaky halas ediş işlerinin azalandygyny beýan etdi.

Gebreýesus hepdelik geçirilýän metbugat ýygnagynda 20-nji fewralda Türkiýede ýene-de iki ýer tiremäniň bolandygyny ýatladyp, olaryň sebite gam-gussa getirendigini aýtdy.

Soňky ýer titremeleriň 6-njy fewraldakylardan has pesdigini beýan eden Gebreýesus, emma muňa garamazdan adam pidalarynyň we şikes ýetmeleriň bardygyny aýtdy.

Gegreýesus; “Häzirki wagtda ýer titremelerinde pida bolanlaryň sany 47 müňden ýokarda we 125 müň adam ýaralandy. Türkiýede azyndan 15 hassahana zeper ýetdi we birnçä saglygy goraýyş desgasy zyýan çekdi. Siriýada bolsa 145 saglygy goraýyş desgasyna zeper ýetdi. Ýer titremesi 26 milliona adama ýaramaz täris ýetirdi. BSGG iki ýurtda-da gyssag kömek işlerini goldamak üçin 84,5 million dollarlyk gyssagly kömek çagyryşyny başlatdy” diýdi.

Russiýanyň Ukraina hüjümleriniň başlamagyndan bäri bir ýylyň geçendigini ýatladan Gebreýesus, Russiýa-Ukraina söweşiniň saglyk taýdan agyr netijeleriniň bardygyna ünsi çekdi.

Baş direktör; “Çaknyşyk başlaly bäri BSGG saglyk üpjünçiligine guralan 802 hüjümi anyklady. Şol hüjümler 101 saglygy goraýyş gullukçysynyň we hassanyň ýogalmagyna sebäp boldy” diýdi.

Tedros Adhanom Gebreýesus koronawirus pandemiýasy hakynda bolsa; “Dünýä umuman üç ýyl ozalkysyna görä kadaly hem bolsa, wirus ünsden düşürilmeli däl” diýip, has netijeli sanjymlaryň öndürilmegi üçin ylmy barlaglary geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar