Braziliýadaky sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde ýogalan adamlaryň sany artdy

Braziliýanyň San-Paulu ştatynda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde ýogalanlaryň sany 48 adama ýetdi

1950329
Braziliýadaky sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde ýogalan adamlaryň sany artdy

San-Paulu ştatynyň resmileri, 18-nji fewraldan bäri täsirli bolan sil apatlarynda ýogalan adamlaryň sanynyň artandygyny habar berdi. 

Tebigy apatda häzirki wagta çenli 48 adamyň ýogalandygy, 36 adam üçin bolsa gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi mälim edildi. 

Ştatyň Raýat goranyş koordinatory Hengeel Rikardo Pererira, takmynan 3 müň adamyň tebigy apatyň başdan geçirilen sebitden ewakuasiýa edilendigini, dowam edýän ýagyşlaryň gözleg we halas ediş işlerini togtadýandygyny beýan etdi. 

Sebite harby dikuçarlar bilen ynsanperwer kömekleriň ýetirilmäge synanyşylýandygy aýan edildi. 

Braziliýanyň Döwlet baştutany Luis Inasui Lula da Silwa, 21-nji fewralda tebigy apatyň başdan geçirilýän sebite sapar gurapdy, dikuçar bilen howadan gözegçilik işlerini geçiripdi. 



Degişli Habarlar