ABŞ-nyň Döwlet sekretary Mýunhen Howpsuzlyk konferensiýasynda çykyş etdi

Entoni Blinken maslahatyň sorag-jogap bölüminde bolsa Russiýanyň agressiýasyny Ýewropa tarap artdyrmak ähtimallygyna garşy NATO-nyň gündogar ganadyny güýçlendirmek barada karar kabul edendigini aýan etdi

1948250
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Mýunhen Howpsuzlyk konferensiýasynda çykyş etdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, NATO-nyň Russiýa garşy bir gurluş bolmandygyny, emma Russiýanyň agressiýasynyň netijesinde özüni özgerdendigini belläp: "Wladimir Putin, NATO alýansynyň güýçlenmegi üçin dünýädäki ähli adamlardan has köp zähmet çekdi" diýip habar berdi. 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Germaniýada geçirilen 59-njy Mýunhen Howpsuzlyk konferensiýasynyň çäginde geçirilen "Bütewi, azat we parahatçylyk içinde: Ukraina hyýaly" atly bölüminde söz sözledi. 

Ukrainanyň parahatçylyk içinde ýaşamak baradaky kararlarynyň ukrainalylara degişlidigini aýdan Blinken, ortada bir hüjümçiniň we bir pidanyň bardygyny belläp: "Russiýadan garaşýanlarymyzy paralel ýagdaýda Ukrainadan garaşyp bilmeris. Russiýa şu gün esgerlerini yzyna çekse söweş tamam bolar, Ukraina şu gün söweşmegi bes etse, Ukraina ýok bolar. Bu ýagdaý şolar ýaly aňsat" diýip mälim etdi. 

Entoni Blinken maslahatyň sorag-jogap bölüminde bolsa Russiýanyň agressiýasyny Ýewropa tarap artdyrmak ähtimallygyna garşy NATO-nyň gündogar ganadyny güýçlendirmek barada karar kabul edendigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar