Pakistanda Içeri Işler Müdürligine Hüjüm Guraldy

Hüjümde howpsyzlyk güýçleri bilen birlikde 4 adam ýogaldy, 18 adam ýaralandy.

1948040
Pakistanda Içeri Işler Müdürligine Hüjüm Guraldy

Pakistanyň Karaçi şäherinde ýaragly adamlar Içeri işler müdürligine hüjüm gurady.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, 8-10 adamlyk ýaragly topar, Karaçi şäherinde Içeri işler müdürligine hüjüm gurady.

Hüjümde howpsyzlyk güýçleri bilen birlikde 4 adam ýogaldy, 18 adam ýaralandy.

Hüjümçiler bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşykda 2 hüjümi täsirsiz ýagdaýa getirildi.

3 hüjümçiniň hem öz janyna kast edendigi bellenildi.

Hüjümiň jogapkärçiligini Pakistan Talibanynyň öz üstüne alandygy öňe sürülýär.



Degişli Habarlar