Ukraina Russiýany günäkärledi

Ukraina Russiýany galla geçelgesi bilen bagly işlerde emeli gijikdirmeler döretmek bilen günükärledi

1946940
Ukraina Russiýany günäkärledi

Ukrainanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Russiýanyň Gara deňizdäki galla geçelgesi bilen bagly işlerde gijikdirmelere sebäp bolan aksiýalar edýändigini belläp, oňa alada bildirýändiklerini habar berdi. 

Rus barlagçylaryň bilkastlaýyn häsýetde gämileriň gözegçilik möhledini uzadýandygy bellenen beýanatda: "Stambuldaky Bilelikdäki utgaşdyrdyryş merkezindäki gözegçilik toparlarynda bar bolan rus wekiller, Bosfor bogazyndan Ukrainanyň portlaryna girýän we ol ýerlerden çykýan gämileriň gözegçiligini ulgamlaýyn häsýetde eýýäm ençeme äý bäri yza süýşürýär" diýip mälim edildi. 

Beýanatda galla geçelgesiniň kepillendiriji ýurtlary bolan BMG we Türkiye başda bolmak bilen halkara jemgyýete, Russiýanyň emeli gijikdirmelerini bes etmegini islemekleri barada çagyryş berildi. 

Global azyk krizisiniň çözüwi üçin Ankaranyň koordinasiýasynda alynyp barylýan galla eksporty ylalaşygyna, geçen ýylyň 22-nji iýulynda Stambulda Ukrainanyň, Russiýanyň, Türkiyäniň we BMG-nyň arasynda gol çekilipdi. 

Galla önümleriniň Ukrainadan howpsuz ýagdaýda eksport edilmegi üçin Stambulda Bilelekdäki Utgaşdyryş merkezi döredilipdi. 


Etiketkalar: #geçelge , #galla , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar