Dünýäniň Çar Tarapyndan Türkiýä Ynsanperwer Kömegi Gelýär

7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerinden soň dünýäniň çar tarapyndan Türkiýä ynsanperwer kömegi gelýär.

1945165
Dünýäniň Çar Tarapyndan Türkiýä Ynsanperwer Kömegi Gelýär
yunanistan yardim.jpg
pakistan elci yusuf cuneyd deprem yardim.jpg
katar disisleri bakani Muhammed bin Abdurrahman Al Sani-blinken.jpg
Eric Adams deprem yardim.jpg
Mark Rutte deprem yardim.jpg

Güýç merkezi Kahramanmaraşda 6-njy fewralda bolan we 10 welaýatda uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerinden soň dünýäniň çar tarapyndan Türkiýä ynsanperwer kömegi gelýär.

Eýran, güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinden soň Türkiýä göçme hassahana we ynsanperwer kömegini berdi.

Gresiýanyň paýtagty Afinide meýletinler, ýer titremesinde ejir çekenler üçin şäher häkimliginde ynsanperwer kömek kampaniýasyny başlatdy.

Günbatar Frakiýadaky türkler hem Türkiýe üçin başladan ynsanperwer kömek kampaniýasyny dowam etdirýär. Gresiýanyň Basketbol ligasynda hem şu hepde geçiriljek bäsleşiklerde alynjak her bir san üçin Türkiýede we Siriýada ýer titremesi sebäpli ejir çekenler üçin 10 müň ýewrolyk pul kömeginiň beriljekdigi habar berildi.

Italiýa tarapyndan Türkiýä harby ýük gämisi bilen ynsanperwer kömegi ugradyldy.

Türkiýäniň Polşadaky ilçihanasynyň utgaşyklygynda düýn ilkinji ynsanper kömek konteýneri paýtagt Warşawadan Türkiýä tarap ugrady.

Gollandiýanyň Premýer-ministri Mark Rutte, güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremesi sebäpli Rotterdarm metjidine baryp ýer titremesinde ejir çekenler üçin berlen ynsanperwer kömegi sebäpli meýletinlere sagbolsun aýtdy.

Britaniýanyň Premýer-ministri Rişi Sunak hem paýtagty Londondaky ynsanperwer kömek merkezine baryp, talyplaryň guramaçylygyna goldaw berdi.

Germaniýada Din işleri guramasynyň Türk yslam bileleşigi tarapyndan 18,5 million ýewrolyk nagty pul ýygnaldy.

Basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriadaky metjitlerde hem ýer titremelerinde ejir çekenler üçin 1 million dollar ýygnaldy.

Amerikaly derman firmasy Johnson & Johnson hem Türkiýä 1 million dollarlyk pul kömegini berjekdigini mälim etdi.

Gyrgyz Respublikasy ýer titremesinde ejir çekenler üçin ýygnalan ynsanper kömegininiň bir bölegini ugratdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşygyry boýunça, Türkiýäniň doganlyk halkyna nobatdaky ynsanperwer kömegi iberildi.

Senegally Türkiýe talyplary jemgyýeti we Türkiýe-Senegal işewürler geňeşi tarapyndan nagt pul kömegi berildi.

Yragyň Kerkuk şäherinde ähli metjitlerde ýer titremesinde ejir çekenler üçin kömek kampaniýasy başladyldy.



Degişli Habarlar