Dünýäniň ençeme ýurdy Türkiyä gözleg we halas ediş toparlaryny ugratmaga dowam edýär

Güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan we ýurduň 10 welaýatyna täsir ýetiren ýer titreme sebäpli dünýäniň ençeme ýurdy Türkiyä gözleg we halas ediş toparlaryny ugratmaga dowam edýär

1943694
Dünýäniň ençeme ýurdy Türkiyä gözleg we halas ediş toparlaryny ugratmaga dowam edýär
azerbaycan arama kurtarma.jpg
arama kurtarma ekibi3.jpg
arama kurtarma ekibi.jpg
arama kurtarma ekibi1.jpg
arama kurtarma ekibi2.jpg

Ýer titremäniň başdan geçirilen sebit üçin halkara ynsanperwer kömegi öz düzüminde jemleýän 4-nji derejedäki duýduryşyň yglan edilmeginden soň gözleg we halas ediş toparyny ugradan ilkinji ýurt Azerbaýjan boldy. 

Gözleg we halas ediş işlerine 400-den gowrak hünärmen ugradan Azerbaýjan, Türkiyä 227 adamdan ybarat täze gözleg we halas ediş toparyny ugratdy. 

ABŞ hem 161 adamdan ybarat gözleg we halas ediş toparyny ugratdy, Meksikadan 145 adamdam ybarat topar ýola çykdy, Salwador döwleti hem gözleg we halas ediş işleri üçin 100-den gowrak adam ugratjakdygyny habar berdi. 

Ýewropa Bileleşigi Komissiýasyndan berilen beýanata görä, ÝB Raýat goranyş mehanizmiň çäginde häzirki wagta çenli 30 gözleg we halas ediş topar we lukmançylyk topar Türkiyä ugradyldy ýa-da ugradylar. 19-y ÝB-e agza ýurt bolan we Çernogoriýa we Albaniýa döwletleri bilen birlikde jemi 21 Ýewropa döwletinden 1200 adamdan ybarat gözleg we halas ediş toparyna 79 gözleg we halas ediş itiniň ýoldaşlyk etjekdigi aýan edildi. 

Beýik Britaniýa 77 adamdan ybarat toparyny döwrebap tehnologik enjamlar we gözleg we halas ediş itleri bilen Türkiyä ugradylandygyny mälim etdi. 

Gresiýa 21 ýangyn söndürijini, Ispaniýa 90 adamdan ybarat tejribeli topary ugratjakdygyny aýdan bolsa, käbir Ýewropa ýurtlaryndan ugradylan toparlaryň sany şu aşakdaky ýaly: Fransiýa 139 adam, Awstriýa 105 adam, Şweýsariýa 80 adam, Malta 32 adam, Bolgariýa 59 adam, Kosowa 30 adam, Wengriýa 101 adam, Horwatiýa 40 adam, Bosniýa-Gersegowina 17 adam, Serbiýa 27 adam, Albaniýa 53 adam. 

NATO Şwesiýa we Finlýandiýa bilen birlikde NATO agza 20-den gowrak hyzmatdaş we ýaran ýurtlaryndan 1400-den gowrak adamyň Türkiyä ugradylandygyny habar berdi. 

Russiýadan 147 adam, Moldawiýadan 55 adam, Polşadan 76 adam, Çehiýadan 68 adam, Gazagystandan 41 adam, Gruziýadan 60 adam, Kuweýtden 45 adam we Tunisden 41 adamdan ybarat toparlaryň Türkiyä ugradylandygy habar berildi, Ukrainadan bolsa 87 adamdan ybarat topar ýola çykdy. 

Hytaýdan gözleg, halas ediş we saglygy goraýyş hünärmenlerinden ybarat 82 adamdan ybarat topar bilen birlikde, ýurduň gözleg we halas ediş gullugy Ramunion-a degişli 8 adamdan ybarat topar we ýörite tälimli bir it ýola çykdy. 

Eýran 10 adam, Ýaponiýa 18 adam, Malaýziýa 75 adam, Hindistandan we Pakistandan her birinden 50 adam, Taýwandan 44 adam ugradylan bolsa, Günorta Koreýa takmynan 110 adamdan ybarat toparyny ugratmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. 

DKTR ýer titremeleriniň başdan geçirilen her bir şähere 200 adamdan ybarat toparlaryň ugradylandygyny habar berdi. 

Ysraýylyň ugratjak 2 uçaryň biri içindäki 167 adamdan ybarat topar Adana baran bolsa, Liwan 72 adamdan, Liwiýa bolsa 55 adamdan ybarat topar ugratdy. 

Şol ýurtlardan gelen ýa-da ýola çykantoparlara köp sanda gözleg we halas ediş itleri hem ýoldaşlyk edýär. 

Eýran ýer titremäniň täsir ýetiren sebitlere goldaw maksatly çadyr we azyk önümlerinden ybarat ynsanperwer kömek daşaýan uçaryny Türkiyä ugratdy. 

Italiýanyň Raýat goranyş we deňizçilik syýasatlary ministri Nello Musumeçi bir göçme hassahanasy bilen flotdan bir gäminiň Türkiyä ugradyljakdygyny aýan etdi. 

Wenesuela dermanlardan we azyk önümlerinden ybarat ynsanperwer kömek bilen 50 adamdan ybarat topary Türkiyä we Siriýa ugratjakdygyny mälim etdi. 

BAE ýer titremäniň täsir ýetiren sebitler üçin 50 million dollarlyk goldaw beriljekdigini, Kanada Türkiyede we Siriýada ýer titremede zyýan çeken adamlara niýetlenip 10 million dollar kömek beriljekdigini beýan etdi. 

Awstraliýanyň Premýer ministri Entoni Albaneze ýurdunyň Türkiýedäki gözleg we halas ediş işlerine goldaw bermek maksady bilen hünärmenlerden ybarat topar ugratjakdygyny aýan etdi. 

Gyrgyzystan tarapyndan ugradylan 67 adamdan ybarat topar Kahramanmaraşa bardy. 


Etiketkalar: #kömek , #dünýä , #Türkiye

Degişli Habarlar