Borrell ÝB-niň Türkiýä Degişli Goldawy Berjekdigini Beýan Etdi

ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we Howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Žozep Borrell Brýusselde türk žurnalistlerine beýannama berdi.

1943707
Borrell ÝB-niň Türkiýä Degişli Goldawy Berjekdigini Beýan Etdi

ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we Howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Žozep Borrell Türkiýedäki ýer titremeleri zerarly gynanç bildirip, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen aragatnaşyk saklaýandyklaryny we ÝB-ne agza ýurtlaryn goldaw üçin elinden geleni edýändigini aýtdy.

Borrell Belgiýanyň paýtagty Brýusselde türk žurnalistlerine beýannama berdi.

6-njy fewralda Kahramanmaraşda bolan 7,7 we 7,6 bala barabar ýer titremelerinde pida bolanlar üçin duýgudaşlyk bildiren Borrell; “Ýer titremesi meni çuňňur gynandyrdy. İňňän agyr tragediýa. Dostum Mewlüt Çawuşogly bilen aragatnaşykgymyz dowam edýär. Halas ediş toparlary, lukmançylyk enjamlary, elimizden näme gelýän bolsa artykmajy bilen ugradýarys. ÝB-ne agza  ýurtlaryň ählisi işe girişdi” diýdi.

Özara gatnaşyklary hakynda Türkiýäni “ÝB üçin möhüm ähmiýetli hyzmatdaş” hökmünde häsýetlendiren Borrell; “Türkiýe bilen gatnaşyklarymyz ozalkysyndan hasam möhüm we has ynjyklaşýar” diýdi.



Degişli Habarlar