Egeý deňizinde bosgunlary daşaýan gaýyk batdy

Egeý deňizinde düzgünsiz immigrantlary daşaýan gaýygyň batmagy netijesinde 5 adam ýogaldy

1942405
Egeý deňizinde bosgunlary daşaýan gaýyk batdy

Gresiýanyň Döwlet habarlar agentligi AMNA tarapyndan berilýän habara görä, Leros adasynyň suw giňişliginde başdan geçirilen gaýyk heläkçiliginde 1 zenan we 1 çaga ýogaldy.  

Halas edilen 41 adamdan 6-sy çaga jemi 8 adam bolsa bejergi edilmek maksady bilen hassahanalara ýatyryldy. 

Hassahanada bejergi astyna alynan 6 çaganyň 3-si edilen ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmedi, şeýlelik bilen ýogalanlaryň sany 5 adama ýetdi. 


Etiketkalar: #Egeý deňizi , #Gresiýa

Degişli Habarlar