Google 12 Müň Adamy Işden Çykarar

Amerikaly tehnalogiýa firmalary 2022-nji ýylda hem 97,171 adamy işden çykarypdy.

1935850
Google 12 Müň Adamy Işden Çykarar

Tehnalogiýa firmasy Google, 12 müň adamyň işden çykaryljakdygyny habar berdi.

Googlyň çäginde iş alyp barýan Alphaber firmasy, halkara iş güýjüniň 6 göterimden gowragy bolan 12 müň adamy işden çykarar.

Firmanyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Sundar Piçai, mesele hakynda beren beýannamasynda, bu kararyň ähli jogapkärçiligini öz üstüne alýandygyny belledi.

Amerikaly tehnalogiýa firmalary 2022-nji ýylda hem 97,171 adamy işden çykarypdy.

Şol san 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 649 göterim ýokarlady.

Amerikaly tehnalogiýa firmalaryndan Microsoft hem üstümizdäki ýylyň üçünji çärýegine çenli 10 müň adamy işden çykarjakdygyny mälim edipdi.

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar