Şwesiýanyň Premýer ministri: "Türkiyäniň kararyna hormat goýarys" diýdi

Şwesiýanyň Premýer ministri Ulf Kristersson, ýurdunyň NATO agzalygy babatynda Türkiyäniň kabul etjek kararyna hormat goýandyklaryny beýan etdi

1933607
Şwesiýanyň Premýer ministri: "Türkiyäniň kararyna hormat goýarys" diýdi

Şwesiýanyň Premýer ministri Ulf Kristersson, ýurduň paýtagty Stokgolm şäherinde Ýewropa Bileleşigi Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel bilen duşuşyk geçirdi. 

Bolan duşuşykdan soň geçirilen umumy metbugat ýygnagynda, NATO bilen bagly gepleşikleriň Türkiye bilen kadaly ýagdaýda dowam edýändigini aýdan Şwesiýanyň Premýer ministri Ulf Kristersson: "Türkiyäniň Şwesiýanyň NATO agzalygy babatynda oňyn nokatdadygyny pikir edýärin. Ahyrynda karary Türkiye kabul eder" diýip habar berdi. 

NATO agza 28 ýurdyň Şwesiýanyň NATO agza bolmagyny tassyklandygyny aýdan Ulf Kristersson: "Her bir ülkäniň tassyklamak tapgyryna hormat goýarys. Şwesiýa we Finlýandiýa Türkiye bilen geçen ýylyň iýun aýynda geçirilen NATO sammitinde gol çeken Üçtaraplaýyn memorandumdaky jogapkärçiliklerini berjaý edýär. Türkiyäniň Şwesiýadan islän gaýtaryp bermeler babatynda bolsa ozal hem belläp geçişimiz ýaly, karary kazyýet berýär. Türkiyäniň hem biz bilen bagly kabul etjek kararyna hormat goýaryn" diýip mälim etdi. 


Etiketkalar: #NATO , #Türkiye , #Şwesiýa

Degişli Habarlar