Nigeriýada, Boko Harama Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär

Howa hüjüminde guramanyň ýokary derejeli 2 ýolbaşçysy bilen birlikde azyndan 40 adam öldürildi.

1933649
Nigeriýada, Boko Harama Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär

Nigeriýada terror guramasy Boko Harama garşy guralan howa hüjüminde, guramanyň ýokary derejeli 2 ýolbaşçysy bilen birlikde azyndan 40 adam öldürildi.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Boko Harama garşy howa hüjümi guraldy.

Howa hüjüminde guramanyň ýokary derejeli 2 ýolbaşçysy bilen birlikde azyndan 40 adam öldürildi.

Nigeriýada 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri iş alyp barýan Boko Haramyň, 2009-njy ýyldan bäri guraýan hüjümlerinde 20 müňden gowrak adam ýogaldy.

Terror guramasy, 2015-nji ýyldan bäri ýurduň goňşulary Kamerunda, Çatda we Nigerde hem hüjümler guraýar.

Terror guramasynyň Çad köli oazisinde guran hüjümlerinde azyndan 2 müň adam ýogaldy.

Nigeriýada terrorçylykly hüjümler we çaknyşyklar sebäpli ýüzmüňlerçe adam öýüni terk etmeli boldy.

 



Degişli Habarlar