Energiýa Serişdeleriniň Nyrhlarynyň Ýokarlamagy Maýa Goýumlaryny Ýewropadan Çetleşdirer

Şwesiýanyň Premýer-ministri Ulf Kristersson energiýa ýokary energiýa nyrhlarynyň maýa goýumlary Ýewropada çetleşdirjekdigini beýan etdi.

1933924
Energiýa Serişdeleriniň Nyrhlarynyň Ýokarlamagy Maýa Goýumlaryny Ýewropadan Çetleşdirer

Kristersson Ýewropa Parlamentiniň Fransiýanyň Strazburg şäherinde geçirilen Sessiýasynda çykyş etdi.

Kristersson ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçylygyny 1-nji ýanwarda kabul edip alan ýurdunyň ileri tutýan ugurlarynyň “Ýewropany hasam ýaşyllaşdyrmak, howpsuz we azat-erkin ýagdaýa getirmek” hökmünde beýan etdi.

“Başlangyç nokadymyz we hemmeleriň birinji meselesi Ukraina. Ol şeýle hem bolmaly” diýen Kristersson; “Biziň borjumyz diňe bir öz garaşsyzlyklary üçin däl, şol bir wagtda-da ýewropaly ýaşaýyş durmuşy üçin söweşýän ukrainalylary goldamaga dowam etmeklikdir” diýdi.

Şwesiýanyň beýleki ileri tutýan ugurlarynyň ÝB-de guramaçylykly jenaýatlara garşy göreş, bilelikdäki we gynarnyksyz migrasiýa syýasatydygyny beýan ede Kristersson; “ÝB ykdysady taýdan uly güýç. Muňa garamazdan doly ykdysady potensialymyzdan peýdalanyp bilemizok. Önümçilik yzda galýar. Şu gün ylmy barlaga we kämilleşdiriş işlerine ABŞ-dan ýa-da Hytaýdan az çykdajy edýäris we ýokarlan energiýa nyrhlary maýa goýumlary Ýewropadan çetleşdirýär” diýdi.

Şwesiýanyň premýer-ministri bäsdeşligi we önjeýliligi artdyrmak üçin ÝB-de uzak möhletli strategiýanyň düzülmelidigini nygtady.

 



Degişli Habarlar