NATO we ÝB Tarapyndan Bilelikdäki Jarnama Kabul Edildi

NATO we ÝB,  jarnamada Russiýa esgerlerini Ukrainadan çekmegi üçin çagyryş berdi.

1930816
NATO we ÝB Tarapyndan Bilelikdäki Jarnama Kabul Edildi

NATO bilen ÝB-niň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, Russiýa we Hytaýa garşy hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy we Ukraina berilýän goldawyň dowam etdirilmegi maksady bilen bilelikdäki jarnama kabul edildi.

Bilelikdäki jarnama NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbergiň, ÝB Komissiýasynyn başlygy Ursula fon der Laýeniň we ÝB Geňeşiniň başlygy Çarlez Mişeliň gatnaşmagynda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde NATO-nyň ştab kwartirasynda bolan duşuşykda kabul edildi.

2016-2018-nji ýyllaryň arasynda kabul edilen jarnamalara esaslanylýan täze jarnamada, NATO-ÝB hyzmatdaşlygynyň ähliumumy gymmatlyklara esaslanýandygy, şu günki günde Ýewropa-Atlantika sebitiniň soňky ýyllaryň iň uly howpuna sezewardygy, Russiýanyň Ukraina guraýan hüjümi bilen halkara hukugyny basgylandygy nygtaldy.

“Russiýanyň söweşi Ýewropada we dünýäde howpsyzlyga we durnuklylyga uly zeper ýetirýär” diýilýän jarnamada, Russiýanyň hüjüm ediji syýasaty berk ýazgaryldy.

NATO we ÝB,  jarnamada Russiýa esgerlerini Ukrainadan çekmegi üçin çagyryş berdi.

Jarnamada Ukraina berilýän goldawyň dowam etjekdigi nygtaldy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #Ukraina , #Russiýa , #ÝB , #NATO , #jarnama

Degişli Habarlar