Türkiyäniň Marseldäki Baş konsullugyna hüjüm guraldy

Fransiýada Türkiyäniň Marsel şäherindäki Baş konsulluygyna molotow kokteýli bilen hüjüm guraldy

1929423
Türkiyäniň Marseldäki Baş konsullugyna hüjüm guraldy

Türkiyäniň Marsel şäheriniň Baş konsuly Arda Ulutaş beren beýanatynda, maskaly 6 adamyň, düýn Türkiyäniň Marsel şäherindäki Baş konsullugynyň binasyna molotow kokteýlini zyňyp gaçandygyny habar berdi. 

Arda Ulutaş howpsuzlyk gullukçylarynyň duýduryş döwmesine basmagy bilen Fransiýanyň Polisiýa gullugynyň wakanyň bolan ýerine tiz wagtda gelendigini we derňew işiniň başladylandygyny mälim etdi. 

"Bagtymyza ýaralanan ýok, maddy zyýan çekilmedi" diýip aýdan Arda Ulutaş, şikaýat edendiklerini we Marsel şäheriniň Polisiýa gullugy bilen aragatnaşyk içindediklerini aýan etdi. 

Arda Ulutaş hüjümiň kimler tarapyndan we näme sebäpli guralandygyny bilmeýändiklerini beýan etdi. 



Degişli Habarlar