Ysraýyl Gaza Serhedine Diwar Örer

Gaza serhedindäki ýehudi ilatly ýerleriň daş-töweregine 4,6 kilometr uzynlygynda diwaryň örüler

1928877
Ysraýyl Gaza Serhedine Diwar Örer

Ysraýylyň Goranmak ministrligi, Gaza serhedindäki ýehudi ilatly ýerleriň daş-töweregine 4,6 kilometr uzynlygynda diwaryň örüljekdigini mälim etdi.

Ministrlikden berlen ýazmaça beýannamada, ilatly ýerleri Gazadan atylan raketalardan gorajak taslamalaryň üstünde işlenilýändigi nygtaldy.

Beýannamada, adatdan daşary ýagdaýlarda ysraýyllylaryň Gazadan atyljak raketalardan goralyp saklanmagy maksady bilen 4,6 kilometr uzynlygynda diwaryň örüljekdigi bellenildi.

Soňky ýyllarda Gaza serhedindäki ýehudi ilatly ýerleri raketa hüjümlerine sezewar bolýar.

2018-nji ýylyň noýabr aýynda Gaza geçen Ysraýylyň harby goşunyna degişli awtobusa Hamasyň harby topary tarapyndan atylan raketa sebäpli 1 esger ýaralanypdy.

2019-njy ýylyň maý aýynda atylan raketa sebäpli bolsa ysraýylly 1 adam ýogalypdy.

 


Etiketkalar: #Gaza , #Ysraýyl , #diwar

Degişli Habarlar