Eýran 4 Sany Airbus Uçaryny Satyn Aldy

“Fransiýada öndürlen Airbus 340 kysymly uçarlary ýaňy ýakynda kabul edip aldyk”

1925334
Eýran 4 Sany Airbus Uçaryny Satyn Aldy

Eýranly talyplaryň ISNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Eýranyň raýat awiasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary Hasan Huşhu, Eýranyň Fransiýadan uçar satyn alandygyny aýtdy.

Huşhu beýannamasynda “Fransiýada öndürlen Airbus 340 kysymly uçarlary ýaňy ýakynda kabul edip aldyk” diýdi.

Huşhu uçarlar hakynda doly maglumat bermedi.

ABŞ-nyň Eýrana goýan sanksiýalary sebäpli 2021-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri uçarlaryň ýarysyndan gowragy abatlanyp bilinmeýändigi üçin uçurylmaýar.

Ýurtda uçarlardaky näsazlyklar sebäpli ýygy-ýygyndan uçar saparlary bes edilýär ýada yza süýşürilýär

 

 



Degişli Habarlar