“Ysraýyl 2022-nji Ýylda Palestinaly 220 Adamy Öldürdi we 832 Binany Ýykdy”

Iştiýýe, bir ýylyň dowamynda Ysraýylyň guran hüjümleri we başdan geçirlen wakalar hakynda maglumat berdi.

1924577
“Ysraýyl 2022-nji Ýylda Palestinaly 220 Adamy Öldürdi we 832 Binany Ýykdy”

Palestinanyň Premýer-ministri Muhammed Iştiýýe, Ysraýylyň 2022-nji ýylda palestinaly 220 adamy öldürendigini we 832 binany ýykandygyny aýtdy.

Iştiýýe, Palestinanyň Ministrler kabinetiniň mejlisinde eden çykyşynda, bir ýylyň dowamynda Ysraýylyň guran hüjümleri we başdan geçirlen wakalar hakynda maglumat berdi.

“Üstümizdäki ýyl Ysraýyl tarapyndan 220-den gowrak palestinaly şehit edildi, 9 müň adam ýaralandy we 6 müň 500 adam tussag edildi” diýen Iştiýýe, Ysraýylyň bir ýylyň dowamynda palestinalylara degişli 832 binany ýykandygyny we 13 müň zeýtun agajyny sökendigini ýatlatdy.

Palestinalylaryň şol hüjümlere parasatlylyk bilen degişli gaýtawuly görkezendigini nygtan Iştiýýe, halkyň hak-hukuklarynyň basgylanmagynyň öňüniň alynmagy üçin tagalla etmäge dowam etjekdiklerini belledi.

2022-nji ýylda Palestina berlen halkara kömekleriň azalandygyny aýdan Iştiýýe, Ysraýylyň salgytlary, Kowid-19 epidemiýasy we Ukraina söweşi sebäpli ykdysady taýdan uly kynçylygy başdan geçirýändiklerini nygtady.

Gabaw we bölünşik sebäpli Gazada işsizleriň sanynyň artandygyny nygtan Premýer-ministr Iştiýýe, agyr günleriň hötdesinden gelinmegi üçin Arap ýurtlaryndan we halkara guramalardan kömege garaşýandyklaryny ýatlatdy.



Degişli Habarlar