Polşada hassahanada ýangyn boldy

Polşanyň Lodz şäherindäki hassahanalaryň birinde bolan ýangynda 1 adam ýogaldy

1924387
Polşada hassahanada ýangyn boldy

Polşanyň habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, ýangynyň syrkawlaryň biriniň çeken çilimi sebäpli ýüze çykan bolup biljekdigi çak edilýär.

Waka sebäpli derňew işi başladyldy. 

Düýn gije bolan ýangyn sebäpli 1 adamyň ýogalandygy we 2 saglygy goraýyş işgäriniň ýaralanandygy, 40 adamyň hem ewakuasiýa edilendigi mälim edildi. 

Ýogalan syrkaw adamyň 72 ýaşyndaky zenandygy habar berildi. 


Etiketkalar: #ýangyn , #hassahana , #Polşa

Degişli Habarlar