Müsürde 5 bal ululygynda ýer titreme boldy

Müsüriň Günorta Sinaý welaýatynda 5 bal ululygynda ýer titreme boldy

1924205
Müsürde 5 bal ululygynda ýer titreme boldy

Milli Astronomiýa we geofizika ylmy-derňew instituty ýer titreme bilen bagly Facebook hasabyndan beýannama berdi. 

Beýannamada şu gün irden bolan ýer titremäniň güýç merkeziniň Günorta Sinaý welaýatynyň Et-Tur şäheridigi beýan edildi. 

Ýeriň 9,61 km aşagynda emele gelen ýer titremede ilkinji kesgitlemelere görä adam ýitgisi çekilmedi. 

Müsüriň mediasynda berilen habarlarda ýer titremäniň ýurduň paýtagty Kair şäherinde hem duýulandygy aýan edildi. 


Etiketkalar: #ýer titreme , #Müsür

Degişli Habarlar