Modi Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Modi Ukrainadaky çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin ýene-de bir gezek çagyryş berdi
Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Hindistanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, iki lideriň özara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy we 24-nji fewraldan bäri Ukrainada dowam edýän çaknyşyklar hakynda pikir alyşandygy ýatladyldy.
Beýannamada, Modiniň Ukrainadaky çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin ýene-de bir gezek çagyryş berendigi nygtaldy.
Beýannamada, Hindistanyň parahatçylyk tagallalaryna goldaw berýändigi nygtaldy we Modiniň ýurdunyň ukrain halkyna ynsanperwer kömegini bermäge dowam etjekdigine aýratyn ünsi çekendigi ýatladyldy.
Iki lideriň telefon söhbetdeşliginde Hindistanyň G-20-niň döwürleýin ýolbaşçylygy bilen Ukrainanyň söweşiň bes edilmegi üçin teklip eden 10 maddalyk “Ukraina formulasy” atly parahatçylyk formulasy hakynda hem pikir alyşandygy nygtaldy.
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý bolsa Twitterden beren habarnamasynda, “Hindistanyň Premýer-ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdim. Hindistana G-20-niň döwürleýin ýolbaşçylygynda rowaçlyk arzuw etdim. Hindistanyň Premýer-ministrine BMG derejesinde berýän ynsanperwer kömekleri we goldawlary üçin sag bolsun aýtdym” diýdi.
10 maddalyk Ukrainanyň parahatçylyk formulasynyň bolsa ýadro, azyk we energiýa howpsyzlygy bilen Rus güýçleriniň Ukrainadan çekilmegini öz içine alýandygy nygtalýar.
Degişli Habarlar
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 251 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.
Floridada Adatdan Daşary Ýagdaý Dolanşygy Yglan Edildi
Ýagyş we sil, ştatdaky käbir ýollara we howa menzillerine uly zeper ýetirdi.