Fransiýanyň paýtagty Parižde ýaragly hüjüm guraldy

Hüjümiň näme sebäpli guralandygy bilen bagly entek resmi beýannama berilmedi

1922998
Fransiýanyň paýtagty Parižde ýaragly hüjüm guraldy

Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde 70 ýaşyndaky bir adamyň töwerege od açmagy netijesinde azyndan 2 adam ýogaldy, 4 adam ýaralandy. 

Fransiýanyň paýtagty Pariž şäheriniň 10-njy sebitindäki Enghien köçesinde bir adam, töwerekdäki adamlara od açdy. 

Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 2 adam ýogaldy, 4 adam ýaralandy. 

Parižiň Içeri işler edarasyndan berilen beýanatda, hüjümiň guralan ýeriniň golaýynda 1 adamyň göz tussaglygyna alynandygy habar berildi. 

Beýanatda halas ediş toparlarynyň işe girişmegi we howpsuzlyk sebäpli sebitiniň boşadylmagy barada çagyryş berildi. 

Hüjümiň näme sebäpli guralandygy bilen bagly entek resmi beýannama berilmedi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Fransiýa

Degişli Habarlar