Baýden: "Ukraina ol ýerde durdugy saýyn Ukrainanyň ýanynda bolarys" diýdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskä alada galmaly däldigini belläp: "Ukraina ol ýerde durdugy saýyn Ukrainanyň ýanynda bolarys" diýip habar berdi

1922166
Baýden: "Ukraina ol ýerde durdugy saýyn Ukrainanyň ýanynda bolarys" diýdi

Russiýanyň ýurduna garşy 24-nji fewralda başladan söweşinden soň ilkinji daşary ýurt saparyny amala aşyrýan Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý bilen ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Ak Tamda geçiren ikiçäk duşuşyklaryndan soň umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler. 

Metbugat ýygnagynda Jo Baýden Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Ukrainadaky tankydy infrastruktura desgalaryny nyşana alyp, ýagdaýy has hem dartgynlaşdyrýandygyny habar berdi. 

Jo Baýden 300 günden gowrak wagt bäri dowam edýän söweşde Ukrainanyň halkynyň Russiýa we dünýä ýurtlaryna bolan söýgilerini we egsilmez tutanýerliliklerini görkezendiklerini mälim etdi. 

ABŞ-nyň şu günki güne çenli Ukraina beren kömeklerini jemlän Jo Baýden, ýurdunyň Ukraina kömek bermäge dowam etjekdigini aýan etdi. 

Baýden Zelenskä ýüzlenip: "Hormatly Prezident alada galmaň. Ukraina ol ýerde durdugy saýyn Ukrainanyň ýanynda bolarys" diýip habar berdi.

Zelenskiý bolsa: "Söweşiň soňky 30 gününde ABŞ bilen gatnaşyklarymyzda täze bir tapgyra gadam basdyk we hakyky bir ýaran boldyk" diýip mälim etdi. 

Ukraina berilýän kömekler sebäpli Baýdene minnetdarlyk bildiren Zelenskiý, Patriot howa goranyş ulgamlarynyň özleri üçin örän möhümdigini beýan etdi. 

Ukrainanyň lideri Putine ýüzlenmesiniň bolup-bolmandygy bilen bagly soraga: "Prezident bolan mahalym 2019-njy ýylda Normandiýada Putin bilen duşuşyk geçiripdim. Oňa ýurdumyza garşy basyp alyşlyk hereketiniň bolmaly däldigini, agressiwliliklerini duruzmaklarynyň gerekdigini we bar bolan meselelere diplomatik çözgüt tapyp, ýurdumyzyň territorial bütewiliginiň üpjün edilmegini we Alla gorasyn köpçülikleýin söweşe başlamaly däldigimizi aýdypdym. Ol hem olar ýaly zat bolmaz diýipdi. Emma ýalan sözleýärdi. Bu ýagdaýda oňa nähili ýüzlenmäm bolup biler?" diýip jogap berdi. 



Degişli Habarlar