Kanadada ýaragly hüjüm guraldy

Kanadanyň Toronto şäherinde guralan ýaragly hüjümde 5 adam ýogaldy

1920508
Kanadada ýaragly hüjüm guraldy

Ýork sebitiniň Polisiýa gullugy tarapyndan berilen beýanatda, Ontario sebitindäki ýaşaýyş binalarynyň birinde ýaragly hüjümiň guralandygy habar berildi. 

Hüjümde 5 adamyň ýogalandygy bellenen beýanatda, hüjümçiniň polisiýa işgärleri tarapyndan od açylyp öldürilendigi mälim edildi. 

Beýanatda hüjümçiniň od açmagy netijesinde ýaralanan 2 adamyň hem hassahanada bejergi astyna alynandygy aýan edildi. 

Polisiýa gullugy hüjümçiniň ýaşaýyş binanyň ýaşaýjysy bolup-bolmandygyny we şahsyýetini entek anyklap bilmedi. Waka bilen baglanşykly derňew işi dowam edýär. 

Kanadada köpçülikleýin ýaragly hüjümler seýrek gabat gelýär. Toronto eýýäm ençeme ýyl bäri dünýäniň iň howpsyz uly şäherleriniň biri hökmünde bilinýär. 



Degişli Habarlar