Russiýada nebiti gaýtadan işleýän zawotda ýangyn ýüze çykdy
Russiýanyň Angarsk şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawotda ýüze çykan ýangynda 2 adam ýogaldy
1919343
Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi tarapyndan berilen beýannama görä, Irkutsk sebitiniň Angarsk şäherinde ýerleşýän nebiti gaýtadan işleýän zawotda ýangyn ýüze çykdy.
Ýangyn 2 müň ind metrden gowrak meýdana ýaýrady, wakanyň bolan ýerine ýangyn söndürijiler gönükdirildi.
Ýangyn ilkinji kesgitlemelere görä gaz basyşy sebäpli ýüze çykdy.
Russiýanyň Derňew komitetinden berilen beýanatda, ýangynda 2 adamyň ýogalandygy, 4 adamyň hem ýaralanandygy mälim edildi.
Beýanatda waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygy aýan edildi.