Eýranda Ýene-de Bir Adam Asylyp Öldürildi

3 aýdan bäri dowam edýän protest ýörişleri bilen arabaglanşykly häzire çenli 3 adam asylyp öldürildi.

1917641
Eýranda Ýene-de Bir Adam Asylyp Öldürildi

Eýranda protest ýörişleri bilen arabaglanşykly ýene-de bir adam asylyp öldürildi.

Eýranyň Adalat Erkine bagly Mizan habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Maşad şäherinde geçirlen protest ýörişlerinde Ynkylap goragçylary goşunyna tabynlykdaky Besij toparynyň agzasy Hüseýin Zeýnelzade bilen Danýal Ryzazadany öldürmek we 4 adamy ýaralamak bilen günäkärlenen Mejid Ryza Rahnewerdi asylyp öldürildi.

Habarda Rahnewerdiniň halka açyk meýdanda asylandygy ýatladyldy.

Eýranda ýaş gyzyň howpsyzlyk güýçleri tarapyndan saklanandan soň ýogalmagy sebäpli başlan we 3 aýdan bäri dowam edýän protest ýörişleri bilen arabaglanşykly häzire çenli 3 adam asylyp öldürildi.

Protest ýörişleri bilen arabaglanşykly soňky gezek 23 ýaşyndaky Muhsin Şikari 8-nji dekabrda asylyp öldürlipdi.

BMG Şikarynyň asylmagyny berk ýazgarypdy.



Degişli Habarlar