Peskow Russiýanyň Ukrainada täze sebitleri anneksiýa etmegi meýilleşdirmeýändigini aýtdy

Russiýanyň hökümetiniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Russiýanyň Ukrainada täze sebitleri anneksiýa etmegi meýilleşdirmeýändigini aýtdy

1916548
Peskow Russiýanyň Ukrainada täze sebitleri anneksiýa etmegi meýilleşdirmeýändigini aýtdy

Russiýanyň hökümetiniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, paýtagt Moskwa şäherinde metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi. 

Russiýanyň Ukrainada täze sebitleri anneksiýa etmegi meýilleşdirip-meýilleşdirmeýändigi bilen bagly soraga Peskow: "Gün tertibimizde olar ýaly zat ýok. Iň bolmanda bu ugurda beýannamalar berilmedi, emma ondada bar bolan häzirki sebitleriň azat edilmegi üçin ediljek köp iş bar. Russiýanyň düzümine giren käbir sebitlerdäki basyp alyşlyk astyndaky territoriýalaryň azat edilmegi gerek" diýip jogap berdi. 

Peskow resmi Kiýew islän halatynda çaknyşyklaryň ertir hem tamamlanyp biljekdigini we Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiýniň şol ýagdaýy bilýändigini mälim etdi. 

Anneksiýa edilen Krymdaky ýagdaýyň hem üstünde durup geçen Peskow: "Howplar dowam edýär, sebäbi Ukraina tarapy terrorçylykly hüjümleri guramak syýasatyny dowam etdirýär, emma gelen maglumatlara görä täsirli çäreleriň görülendigini görkezýär" diýip belledi. 



Degişli Habarlar