Burkina-Fasoda terrorçylykly hüjüm guraldy

Burkina-Fasonyň Gana we Togo serhedine ýakyn sebitde guralan terrorçylykly hüjümde 6 adam ýogaldy

1915187
Burkina-Fasoda terrorçylykly hüjüm guraldy

Ýerli metbugatda berilen habarlara görä, şahsyýetleri entek anyklanmadyk ýaragly terrorçylar, Gana we Togo serhediniň golaýyndaky Bittou şäheriniň Boulgou etrabyndaky petank klubyna hüjüm guradylar. 

Hüjümçileriň töwerege od açmaklary netijesinde 4-si mugallym asuda ilatdan jemi 6 adam ýogaldy. 

Goňşy Mali döwletindäki Al Kaýda we DAIŞ bilen arabaglanşykly bolan terrorçy toparlar, 2015-nji ýyldan bäri Burkina-Fasonyň demirgazygynda we gündogarynda ýygy-ýygydan hüjümler guraýarlar. 

Hökümet tarapyndan berilen maglumatlara görä hüjümlerde 2015-nji ýyldan 2021-nji ýylyň dekabr aýyna çenli 600-i howpsuzlyk güýçlerinden bolmak bilen jemi 2 müň adam ýogaldy. 



Degişli Habarlar