ABŞ-da Halkyň Harby Goşuna Bolan Ynamy 50 Göterimden Aşakda

ABŞ-da halkyn harby goşuna bolan ynamynyň 50 göterimden aşak düşendigi habar berildi.

1913862
ABŞ-da Halkyň Harby Goşuna Bolan Ynamy 50 Göterimden Aşakda

Merkezi Kaliforniýada ýerleşýän Ronald Reýgan gaznasynyň geçiren barlagy Amerikan halkynyn soňky ýyllarda harby goşuna bolan ynamynyň aşaklamaga dowam edýändigini ýüze çykardy.

Gaznanyň noýabr aýynda ABŞ-nyň dürli ştatlarynda geçiren sowalnamasynda Amerikan halkynyn 48 göteriminiň goşuna ynanýandygy görüldi.

2018-nji ýylda 70 göterime barabar bolan ynamyň soňky 4 ýylda 50 göterimden aşak düşendigine üns çekilýän beýannamada, onun sebäpleri hem soraldy.

Sowalnama gatnaşanlaryň 62 göterimi “harby dolanşyk ulgamynyň iňňän syýasylaşandygyny” sebäp görkezen bolsa, Owganystandan yza çekilmek, syýasy dolanşygyň kabul eden kararlary goşuna bolan ynamy azaldan faktorlaryň başynda durýar.

Sowalnamada ABŞ-nyň Ukraina kömeginiň dowam etmegini isleýänleriň mukdary bolsa 57 göterime barabar boldy.

Gatnaşyjylaryň 71 göterimi Russiýa-Ukraina söweşiniň Taýwany basyp almak üçin Hytaýa ylgam berjekdigini pikir edýär.



Degişli Habarlar