Owganystanda Medresede Bolan Partlamada Ýogalanlaryň Sany 19 Adama Ýetdi

Partlamanyň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.

1913633
Owganystanda Medresede Bolan Partlamada Ýogalanlaryň Sany 19 Adama Ýetdi

Owganystanyň demirgazygynda öňňin bolan partalamada azyndan 19 adam ýogaldy.

BMG-nyň Owganstandaky wekilhanasyndan berlen beýannamada, Samangan welaýatynyň merkezi Aýbek etrabyndaky Jihadiýe medresesinde bolan partlama hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, partlamada azyndan 10 adamyň ýogalandygy bellenildi.

Beýannamada wakada medresede bilim alýan 20 talyp bilen azyndan 23 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Talibanyň ýolbaşçylygyndaky wagtlaýyn hökümetiň İçeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Abdul Nafi Takor bolsa wakada 10 adamyň ýogalandygyny mälim edipdi.

Partlamanyň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.

Paýtagt Kabulyň günbatarynda Şaýy Hazaralaryň ýaşaýan Deşt Berçi etrapçasynda ýaşlary ýokary okuw jaýyna taýarlaýan bilim merkezine 30-njy sentýabrda guralan hüjümde hem 46-sy ýaş gyz bolmak bilen 53 adam ýogalypdy.


Etiketkalar: #partlama , #medrese , #Owganystan

Degişli Habarlar