“Türkiýäniň Terrora Garşy Özüni Goranmak Hukugy Bar”

Kristersson, “Terrorçylykly hüjümlere garşy Türkiýäniň özüni goramak hukugy bar” diýdi.

1910826
“Türkiýäniň Terrora Garşy Özüni Goranmak Hukugy Bar”

Şwesiýanyň Premýer-ministri Ulf Kristersson, Türkiýäniň terrora garşy özüni guramak hukugynyň bardygyny aýtdy.

Şwesiýanyň Parlamentinde Ýaşyllar partiýasynyň egindeş baştutany Marta Stenewiniň, Türkiýäniň Siriýanyň demirgazygynda başladan “Penje Gylyç howa operasiýasy” sebäpli näme üçin Prezident Erdogany tankyt etmändigi hakyndaky soragyna jogap beren Kristersson, “Terrorçylykly hüjümlere garşy Türkiýäniň özüni goramak hukugy bar” diýdi.

Taraplara parasatly çemeleşmekleri we asuda ilatyň goralmagy üçin çagyryş beren Kristersson, “Siriýanyň demirgazygynda çylşyrymly wakalar başdan geçirilýär. Bir tarapda terrora guramasy DAEŞ-e garşy alnyp barylýan göreş, beýleki tarapda hem Türkiýäniň terrorçylykly hüjümlere sezewar bolýandygy kabul edilmeli. Türkiýäniň özüni terrorçylykly hüjümlerden goramak hukugynyň bardygyny ýatdan çykarmalyň” diýip belledi.

Dünýäniň Türkiýä düşünmelidigine ünsi çeken Kristersson, “Dünýäniň, Türkiýä zeper ýetiren terrorçylykly hüjümleriň beýleki ýurtlaryň ýitgi çekmegine sebäp bolan terrorçylykly hüjümler ýaly erbetdigini kabul etmegi üçin birnäçe sebäp bar. Şwesiýada terror we terrorçylar bilen arabaglanşykly aksiýalara goldaw berýän we maliýeleşdirýän ynsanlar Şwesiýany nyşana almaýar, Türkiýäni nyşana alýar. Şwesiýa terror üçin howpsyz port bolmaly däl” diýdi.

 



Degişli Habarlar