Ýemende Söweş Sebäpli Täze Ýyldan Bäri 92 Çaga Ýogaldy

Täze ýyldan 15-nji noýabra çenli söweş sebäpl 241 çaga hem ýaralandy

1908773
Ýemende Söweş Sebäpli Täze Ýyldan Bäri 92 Çaga Ýogaldy

Ýemende täze ýyldan 15-nji noýabra çenli söweş sebäpli 92 çaga ýogaldy

20-njy noýabr Çaga hukuklarynyň bütündünýä güni mynasibetli Halkara jemgyýetçilik guramasy tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwary bilen noýabr aýynyň 15-i aralygynda söweş sebäpli Ýemende 92 çaganyň ýogalandygy nygtaldy.

Beýannamada ady agzalýan döwürde 241 çaganyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada günde ortaça 1 çaganyň söweş sebäpli ýaralanandygyna üns çekildi we asuda ilata garşy hüjümleriň öňüniň alynmagy üçin taraplara çagyryş berildi.

Ýemende Eýran tarapyndan goldanýan Husiler, 2014-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri paýtagt Sana bilen birlikde käbir sebitlere gözegçilik edýär.

Saud Arabystanynyň öňbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleri bolsa 2015-nji ýylyň mart aýyndan bäri Husilere garşy Ýemeniň hökümetine goldaw berýär.


Etiketkalar: #söweş , #çaga , #Ýemen

Degişli Habarlar