Siriýanyň Demirgazygyna Operasiýa Guramak Türkiýäniň Kanuny Hakydyr

Russiýanyň Prezidentiniň Diwanynyň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow Siriýanyň demirgazygyna guralan operasiýasynyň Türkiýäniň kanuny hakydygyny beýan etdi.

1909594
Siriýanyň Demirgazygyna Operasiýa Guramak Türkiýäniň Kanuny Hakydyr

Prezident R.T.Erdoganyň “Russiýanyň Siriýa bilen bagly borçlaryna jogapkärçiliksiz çemeleşýändigi” hakynda beren beýanaty boýunça garaýyşyny beýan eden Peskow, Türkiýe bilen Russiýanyň Siriýadaky şertler we Soçi ylalaşygyndaky borçlar bilen bagly çemeleşmelerinde “tapawutlyklaryň” bardygyny aýtdy.

Olaryň Erdogan we Putin tarapyndan ençeme gezek seljerilendigine ünsi çeken Peskow; “Türkiýe bilen gatnaşyklaryň dostlukly we hyzmatdaşlyk haşýeti şol düşnüşmezlikleri açyk we netijeli geňşmäge rugsat berýär” diýdi.

Peskow Türkiýäniň Siriýanyň demirgazygyndaky terror pozisiýalaryna guran “Penje-Gylyç” harby howa operasiýasy hakynda; “Türkiýäniň öz howpsuzlygy bilen bagly aladalaryna düşünýäris we oňa sarpa goýýarys. Onuň Türkiýäniň kanuny hakydygyny pikir edýäris” diýdi.



Degişli Habarlar