ÝB Liwana Holera Garşy Göreş Maksady Bilen 800 Müň Ýewrolyk Pul Kömegini Berer

Liwanda 1993-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 6-njy oktýabrda holera gabat gelnipdi

1904482
ÝB Liwana Holera Garşy Göreş Maksady Bilen 800 Müň Ýewrolyk Pul Kömegini Berer

ÝB, Liwana holera garşy göreş maksady bilen 800 müň ýewrolyk pul kömegini berjekdigini habar berdi.

Liwanyň resmi NNA habarlar gullugy, ÝB-niň Liwan üçin taýarlan bujeti hakyndaky habarlara ýer berdi.

Habarda ýurtda 1993-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 6-njy oktýabrda holera gabat gelinendigi ýatladyldy.

Habarda ÝB-nyň holera garşy göreş maksady bilen 800 müň ýewrolyk pul kömegini bermäge taýarlanýandygy ýatladyldy.

Ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Liwanda ilkinji gezek 6-njy oktýabrda gabat gelinen holera sebäpli häzire çenli ýurduň demirgazyk we gündogar welaýatlarynda 18 adam ýogaldy.

 


Etiketkalar: #pul kömegi , #holera , #Liwan , #ÝB

Degişli Habarlar