Howa Goranyş Ulgamlary Ukraina Getirildi

Ukrainanyň Goranmak ministri Oleksii Reznikow NASAMS we Aspide howa goranyş ulgamlarynyň ýurda getirilendigini habar berdi.

1903362
Howa Goranyş Ulgamlary Ukraina Getirildi

Reznikow Twitter hasabyndan beren habarnamasynda, “Ýurduna täze howa goranyş ulgamlarynyň getirilendigini” beýan edip, Norwegiýa bilen ABŞ-na we İspaniýa bu ugurdaky goldawlary üçin sagbolsun aýtdy.

Oleksii Reznikow; “NASAMS we Aspide howa goranyş ulgamlary Ukraina geldi. Bu ýaraglar ukrain goşunlaryna uly güýç goşar we howa giňişligimizi hasam howpsuzlaşdyrar. Bize hüjüm eden duşmanyň nyşanalaryny derbi-dagyn ederis” diýip, ýazdy.

 



Degişli Habarlar