Eýran Russiýa Ukraina Söweşinden Ozal Ýarag Berendigini Beýan Etdi

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýn Amir Abdullahiýan geçmişde Russiýa ýarag satandyklaryny, emma Ukraina söweşinde ulanmak üçin Russiýa ýarag satandyklary bilen bagly habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigini aýtdy.

1897286
Eýran Russiýa Ukraina Söweşinden Ozal Ýarag Berendigini Beýan Etdi

Eýranyň resmi habarlar gullugynyň (İRNA) mälim etmegine görä paýtagt Tähranda Aziýa-Ýuwaş Umman Habarlar gulluklarynyň bileleşiginiň agzalary bilen duşuşan Abdullahiýan; “Ukrainadaky söweşe biz garşy durýarys. Russiýa Ukraina söweşinde ulanmagy üçin haýsydyr bir ýarag ýa-da uçarmansyz howa ulağyny bermedik we bermeris” diýdi.

Öňe sürmeleri öwrenmek üçin Ukraina bilen harby bilermenleriň gatnaşmagynda bilelikde maslahat geçirmäge taýýardyklaryny aýdan Abdullahiýan, bu teklibi ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we Howpsuzlyk syýasatlaryndan jogaokär Ýokary wekili Žozep Borrelle hem hödürländigini beýan etdi.

Abdullahiýan; “Russiýanyň Ukraina garşy söweşde Eýrana degişli uçarmansyz howa ulaglaryny ulanýandygy anyklansa, bu mesela ünssiz çemeleşmeris” diýdi.



Degişli Habarlar