ABŞ, Siriýaly 3 Generala Sanksiýa Goýdy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken, himiki ýaragyň ulanylmagyny berk ýazgarýandyklaryny belledi.

1897379
ABŞ, Siriýaly 3 Generala Sanksiýa Goýdy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy, 2013-nji ýylda Siriýanyň paýtagty Damaskyň Guta etrapçasynda guralan himiki hüjümde uly rol oýnanan Asada tabynlykdaky güýçleriň 3 generalyna sanksiýa goýdy.

Döwlet sekretary Entoni Blinken beren ýazmaça beýannamasynda, “Asada tabynlykdaky güýçleriň edýän harby jenaýatlary we asuda ilata garşy himiki ýaragyny ulanmagy kabul edilmesiz. Asada tabynlykdaky güýçler tarapyndan 2013-nji ýylyň awgust aýynda paýtagt Damaskyň çetli etrapçalaryndan Guta guralan himiki hüjümde çagalar bilen birlikde 1 müň 400 adam ýogalypdy. Hüjümiň jogapkärleriniň jezalandyrylmagy üçin goşmaça çärler görýäris” diýdi.

Blinken kanunlara laýyklykda Gündogar Guta guralan hüjümde uly rol oýnan Asada tabynlykdaky güýçlerden general maýor Adnan Aboud Hilje, Ghassan Ahmed Ghannam bilen Saleebi Mawasa sanksiýa goýlandygyny we üç general bilen maşgala agzalarynyň ABŞ-na girmeginiň gadagan edilendigini ýatlatdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken, himiki ýaragyň ulanylmagyny berk ýazgarýandyklaryny belledi.



Degişli Habarlar