ABŞ-da 6 adamy öldürmek bilen aýyplanýan jenaýatçy saklandy

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda 6 adamy öldürmek bilen aýyplanýan jenaýatçy Uesli Braunli saklandy

1893701
ABŞ-da 6 adamy öldürmek bilen aýyplanýan jenaýatçy saklandy

Stoktonyň Polisýa departamentiniň şefi Stenli Makfadden, 43 ýaşyndaky Uesli Braunliniň täze bir jenaýat etmek üçin gözleg geçirýän mahaly saklanandygyny habar berdi. 

Stenli Makfadden: "Gözegçilik toparymyz şübhe astynda bolan jenaýatçyny yzarlady we özüni alyp baryşyna syn etdi. Jenaýat etmäge çykandygyna, täze bir jenaýat etmek üçin gözleg geçirendigine ynanýarys" diýip belledi. 

Stoktonyň Polisýa departamentiniň şefi Stenli Makfadden, Uesli Braunliniň saklanan mahaly ýanynda gara egin-eşigiň, maskanyň we ýaragyň bolandygyny mälim etdi. 

Uesli Braunliniň ştatyň Stokton şäherinde 8-nji iýul-27-nji sentýabr aralygynda hiç hili öjükdirme bolmadan gije wagty ýarag bilen öldürilen 6 erkek jenaýatynyň jogapkäri hökmünde çak edilýär. 

Polisiýa gullugy göz tussaglygyndaky Uesli Braunliniň jenaýat aýyplamasy bilen baglanşykly sişenbe güni kazyýetiň öňüne çykjakdygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar