ABŞ-da guralan ýaragly hüjümde 5 adam ýogaldy

ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştatynyň paýtagty Roleý şäherinde ýaragly hüjüme sezewar galan 5 adam ýogaldy, 4 adam bolsa ýaralandy

1892812
ABŞ-da guralan ýaragly hüjümde 5 adam ýogaldy

Demirgazyk Karolina ştatynyň gubernatorlygyndan berilen beýanatda, ýaragly hüjümde ýogalan adamlaryň arasynda şeýle hem 1 polisiýa işgäriniň bardygy habar berildi. 

Beýanatda hüjümde ýaralanan 4 adamyň hassahanada bejergi astyna alynandygy, wakanyň bolan ýerine howpsuzlyk güýçleriniň we saglygy goraýyş işgärleriniň gönükdirilendigi aýan edildi. 

Howpsuzlyk güýçleriniň şübhe astynda bolan adamy göz tussaglygyna alandygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar