ABŞ, Eýranly 2 Ministre Sanksiýa Goýdy

Eýranyň Içeri işler ministri Ahmad Wahidi bilen Kommunikasiýa ministri Eisa Zarepura sanksiýa goýuldy

1889866
ABŞ, Eýranly 2 Ministre Sanksiýa Goýdy

ABŞ, Eýrandaky protest ýörişleri sebäpli, Eýranyň Içeri işler ministri Ahmad Wahidi bilen Kommunikasiýa ministri Eisa Zarepura sanksiýa goýuljakdygyny mälim etdi.

ABŞ-nyň Gazna ministrliginden berlen beýannamada, Eýranda 22 ýaşyndaky Mahsa Emininiň ýolgalmagyndan soň internediň kesilmegi we parahatçylykly matsatly ýörişlerde aşa güýç ulanylmagy sebäpli ýokarda ady agzalýan eýranly iki resminiň sanksiýa sanawyna alynandygy nygtaldy.

Beýannamada eýranly 2 ministr bilen birlikde 7 ýolbaşça sanksiýa goýulandygy ýatladyldy.

 


Etiketkalar: #sanksiýa , #ABŞ , #Eýran

Degişli Habarlar