Putin 4 Sebitiň Russiýa Birikmegini Tassyklady

Putin, Ukrainanyň Donesk, Lugansk, Herson we Zaporožýe sebitleriniň Russiýa birikmegi hakyndaky kanunlary tassyklady

1888799
Putin 4 Sebitiň Russiýa Birikmegini Tassyklady

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Ukrainanyň Donesk, Lugansk, Herson we Zaporožýe sebitleriniň anneksirlenmegi hakyndaky kanunlary tassyklady.

Kreml tarapyndan berlen beýannamada, Putiniň, Ukrainanyň Donesk, Lugansk, Herson we Zaporožýe sebitleriniň Russiýa birikmegi hakyndaky kanunlary tassyklandy nygtaldy.

Ady agzalýan kanunlara görä, şol sebitlerde ýaşaýanlar rus raýaty hökmünde kabul ediler.

Putin tassyklan kararnamalary bilen ady agzalýan sebitlere wagtlaýyn ýolbaşçysy belledi.

Kanunlar 10 gün soň güýje girer.

 



Degişli Habarlar