Gazprom Italiýa Gaz Akdyrmaga Başlady

Russiýanyň açyk paýdarlar jemgyýeti “Gazprom” Italiýa Awstriýanyň üstaşyr gaz akdyrmaga başlady.

1888575
Gazprom Italiýa Gaz Akdyrmaga Başlady

“Gazpromdan” berilen beýannamada Awstriýanyň üstaşyr Italiýa gaz akdyrylmaga gaýtadan başlanmağy üçin taraplaryň arasynda ylalaşylandygy habar berildi.

Beýannamada Awstriýadaky operatoryň “Gazpromdan” alynýan gazyn geçirilmegi üçin razylyk berendigi we şonuň netijesinde Italiýa gaýtadan gaz akdyrylmaga başlanandygy nygtalýar.

“Gazprom” Italiýa gaz bermegi sanksiýalaryň çäginde 1-nji oktýabrda Awstriýadaky täze düzgünnamalar bilen bagly bökdençlikler sebäpli bes edipdi.



Degişli Habarlar